- tabynlyk
- [ta:by:nlyk]1) Birine ýa-da bir zada garaşlylyk.∙ Olaryň tabynlyk ýagdaýlary ýüzüni bir ýana sowmaga mejbur etdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)∙ Onuň asyl daşky görnüşi, haýbaty, söz urşy-da tabynlyk talap edýärdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)2) Zor bilen boýun egdirilenlik, tabyn edilen ýagdaýda bolmaklyk.∙ Tabynlykda ýaşamaklyk.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem tabynlyk - tabynlygy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.